Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji, 56-njy, 60-njy, 81-nji we 102-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen: Mekan Ilmyradowiç Hümmedow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi; Mähriban Allaşükürowna Bagyýewa Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň maşgala işleri boýunça kazysy wezipesine bellenildi; Aýjahan Ýagmyrowna Ymamberdiýewa Ahal welaýatynyň kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, ol şol kazyýetiň prezidumynyň düzümine girizildi we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy; Muhammetmyrat Alyýew Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi; Mekan Muhammetnurowiç Muhammetgurbanow Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi; Şatlyk Babajanowiç Kozyýew Balkan welaýatynyň Etrek etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi; Maýsa Jumageldiýewna Metgeldiýewa Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň maşgala işleri boýunça kazysy wezipesine bellenildi we ol Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy; Orazmuhammet Goçmämmedowiç Saparmuhammedow Lebap welaýatynyň Halaç etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi; Söhbet Hojamyradow Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi; Jeýhun Ylýas ogly Annagulyýew Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi; Leýla Myradowna Kemalowa ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy; Dünýägözel Baýramsähedowna Begjanowa ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Ahal welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy; Meýlis Maksatgeldiýewiç Öwezow ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy; Öwez Agageldiýewiç Esenow ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir