Türkmeniň tebigaty, ýaşaýan tebigy giňişligi bilen arabaglanyşygynyň täsin aýratynlyklary bar. Türkmeniň ruhy hem maddy medeniýeti onuň ýaşaýan tebigat giňişliginden reňk alypdyr. Şonyň üçin hem her pasylyň özine mahsus gözelligi, aýratynlygy bolşy ýaly ýaz paslynyň hem bir göwne, bir ýürege sygyp bilmejek gözelligi bar. Ol gözellik duýgusy ynsanyň kalbyny böwsüp çykyp sungat eserine öwrülýär. Ýaz paslynyň adamyň söz bilen beýan edip bilmejek derejede sungat eserine öwrülmegi hem megerem şonyň üçindir. Ýaz paslynyň ajaýyplygy, görkanalygy hakynda Şahyr Gurbannazar Ezizow şeýle belläp geçýär. Bahar säher bilen başlady işe, Ak süýt guýdy erikleriň üstüne. Baldaklary gök reňke boýady, Gülälekler al öwüsdi dessine. Ellerinden dür dökülýän baharyň, Nepesi durlady çygly howany. Soňra syryp gök ýüzünden buludy, Mawy reňke boýap çykdy asmany. Töwerek-daşy synlanyňda, synladygyňça synlasyň gelýär. Tebigat diýip atlandyrylýan bu daşky görnüş bütin durky bilen adamy özüne bendi edýär. Bahar paslynda agaçlaryň täze pyntyklaýan ýapraklary, ak ýa-da gülgün gülleri, nowçalary, depeleriň, dereleriň, daglaryň gök maýsalyga bürenmegi sözüň doly manysynda adamy özüne bendi edýär. Baharyň şahyry diýilip atlandyrylýan halypa şahyrymyz Halyl Kulyýewiň goşgularynda ýaz pasly öziniň ajaýyp ornuny tapypdyr. Gaýalaryň gary eräp bireýýäm, Pyntyklady pisse bilen badamlar. Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör: - Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar. Halyl Kulyýewiň bu goşgusynda togsan dolup, ýere ýyly girip, janlanyp başlan tebigata jan berýän baharyň gelýänligi ussatlyk bilen suratlandyrylýar. Hawa her baharyň öz ysy bar. Her bahar her çemen, her baharda şol çemenlerden bir gunça açylýar. Ol gunçalar bu barlygy has-da gözelleşdirýär. Her gunçanyň öziçe ys berişi ýaly, her şahyryň hem şygyrýet bossanynyň ysy bolýar. Şol şygyrýet bossanynyň gunçalarynyň biri hem Atajan Annaberdiýewdir. Onuň döredijiliginde bahar şeýle suratlandyrylýar. Jomart bahar üsti açyk alaňa Gök mahmal beripdir ýapynar ýaly. Gaçyp galan ýüpe meňzeş ýodajyk Däl gözläniň bilen tapylar ýaly. Nagyşlapdyr gök ot ýaplaň ýakasyn, Ykjaýar berçigen çilleň ýallaram. Dyzaşyp dur gök maýsalaň deňzine Dolup-daşan derýadaky sallaram. Şu setirleri okanyňda göz öňüňde bahar pasly janlanyp gidýär. Bahar pasly diňe bir gözelligiň, owadanlygyň pasly däl. Eýsem-de ol söýginiň pasly. Atajan Annaberdiýewiň “Gyz söýgüsi” diýen goşgusynda şeýle setirler bar. Gyz baharda yşk derdine uçrady, Duýman durka onuň balkyldap duran Gara gözlerinden uçgun syçrady. Ynsanyň ylhamyny joşduryp bilýän bahar paslynda nähili gudrat barka ?! Ýaz paslynyň kämilliginden, döreden sungat eserlerinden ganma barmyka. Şahyryň aýdyşy ýaly diriliş sen, galkynyş sen, durmuş sen ! Şonuň üçin hem şahyr Gurbannazar Ezizowyň aýdyşy ýaly il-günümiz bilen bagtyýarlyga, rowaçlyga, üstünliklere ýetmek seniň bilen ýetmek biziň her birimize miýesser eýlesin. Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň müdiri Çarymuhammet MUHAMOW