Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar. TDH-niň habar berşi ýaly, Saud Arabystanynyň Patyşasy Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz Al Saud Gutlag hatynda: «Mübärek Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna we ähli musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk dileýärin» diýip belleýär. Şeýle hem Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisi, Marokkanyň Patyşasy Mohammed VI Gurban baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan edýärler.