Geçen maý aýynda 95 ýaşyny bellän görnükli amerikan aktýory, režissýor, kompozitor we prodýuser Klint Istwud resmi taýdan kinodan gitdi diýip, «World of Reel» portaly habar berdi. Bir ýyl mundan öň baýry sungat işgäri kinony terk etmekçi däldigini, täze taslamanyň üstünde işleýändigini habar beripdi, emma ýyllar özüniňkini aldy diýlip, habarda bellenýär. Klint Istwud kärini tamamlaýandygyny yglan etdi Istwudyň iň ahyrky režissýorlyk işi «2-nji belgili oturdaş» atly kazyýet trilleri bolup, ol 2024-nji ýylda ekrana çykdy. 1955-nji ýyldan bäri kinodaky kärinde Istwud 62 filmde keşp döretdi, 41 filme režissýorlyk etdi. Ol ilkinji gezek «Syrly derýa» (2003) filminiň sazyny ýazdy, soňra bu ugry ýene bäş filmde dowam etdi. Soňky gezek aktýor hökmünde 2021-nji ýylda ekrana çykan «Erkek gözýaşlary» filminde baş keşbi janlandyrdy. Klint Istwud kärini tamamlaýandygyny yglan etdi Istwudyň keşbi häzirki zaman medeniýetinde özboluşly orun aldy, ýagny ol «Yza geljege» trilogiýasynyň ýordumynda möhüm hyzmaty bitirýär. «Rango» multfilminde bäş altyn garawullary goraýan Günbataryň Ruhy hökmünde çykyş edýär. «Gorillaz» aýdym-saz topary bolsa oňa «Clint Eastwood» diýen meşhur aýdymy bagyşlady.