Germaniýada dynç alyşdan dolanan Şweýsariýanyň zenan ýaşaýjysy serhet gözegçiligi gullugynyň işgärlerini adaty bolmadyk ýüki bilen geň galdyrdy. 31-nji maýda Taýngen kommunasynyň ýanyndaky nemes-şweýsar serhedinde gümrükhana işgärleri awtoulagy we onuň yzyndan gelýän furgony sakladylar. Barlag wagty ulagdaky zenan zähmet dynç alşyndan gelýändigini aýdyp, köpüsi tigirçekli 55 sany çemedany görkezdi. Gümrükhana işgärleri ähli ýüki ünsli barlap, hiç hili şübheli zat tapmadylar. Olaryň ählisi syýahatçy zenanyň şahsy zatlary bolansoň, oňa hiç hili talap bildirilmedi. Gümrükhana edarasy Şweýsariýanyň kanunçylygynda ýanyň bilen göterilýän emläge hiç çäklendirme bildirilmeýändigini, raýatlara ýanlaryndaky şahsy zatlary üçin hiç hili gümrük pajynyň töledilmeýändigini habar berdi diýip, «Bild» neşiri ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir