Ozal habar berşimiz ýaly, 1-nji iýunda Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dürli medeni çäreler geçirildi. Dabaralar dürli bäsleşikleriň jeminiň jemlenilmegi bilen tamamlandy. Deň-duşlaryndan has tapawutlanyp, üstün çykan çagalara sowgatlar gowşuryldy. Bu ýerde ähli çagalara, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan körpelere, Döwletliler köşgünde terbiýelenýänlere Gahryman Arkadagyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdaryň adyndan süýjülik sowgatlar, ter miweler gowşuryldy. Bu pursatlar çagalarda ýatdan çykmajak duýgulary döretdi. Mundan başga-da, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän çagalara Gahryman Arkadagyň, Arkadagly Gahryman Serdaryň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy we hoşniýetli arzuwlar aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Çagalary goramagyň halkara gününde Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar hem Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan iberilen ýörite sowgatlary hoşallyk bilen kabul etdiler. Döwletliler köşgüniň uçurymlaryna Arkadagly Gahryman Serdaryň adyndan döwrebap noutbuklar peşgeş berildi. Bu bolsa ýaşlaryň bilimler dünýäsine has çuňňur aralaşmagyna, geljekde olaryň öz hünäriniň hakyky eýesi bolmagyna ýardam berer. Ajaýyp senä bagyşlanyp, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň öňündäki meýdançada giň gerimli çäreler ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylygyň hormatyna guralan çäreler aýdym-sazly, tansly çykyşlary, çeper okaýyşlary, çagalaryň milli oýunlaryň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklaryny, bedenterbiýe-sport görkezme çykyşlaryny, surat çekmeklerini we beýleki çäreleri özünde jemledi. Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkindäki ajaýyp çykyşlar egsilmejek joşguna beslendi. Bu ýerdäki dabaraly çäreleri «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy jemledi. Bu toparyň ençeme halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara mynasyp bolandygyny, dünýäniň çar künjeginde türkmen tuguny belende göterendigini bellemek ýakymlydyr. Ajaýyp bedewleriň gözelligi, çeýeligi, çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän artistleriň ussatlygy tomaşaçylarda üýtgeşik täsirleri galdyrdy. Bu barada TDH habar berýär.