Indoneziýanyň gündogarynda ýerleşýän balykçylaryň obasynda, pürs aýakly öýleriň birinde Ikinji jahan urşy döwrüne degişli diýlip çaklanýan bomba partlap, bäş adamyň ölümine sebäp boldy, 19 adam ýaralandy diýip, ýerli polisiýa duşenbe güni habar berdi. Onlarça öý ýumruldy, üç adam dereksiz ýitdi. Geçen ýyl Ýawa adasynda hem könelen ýaraglar ýok edilýärkä, tötänden dörän partlama netijesinde on üç adam pida bolupdy diýip, «Le Figaro» gazeti ýazýar. Ýüzlerçe adaly Indoneziýa döwleti Ikinji jahan urşy ýyllarynda Günorta-Gündogar Aziýada ýapon goşunlarynyň hem-de Gitlere garşy güýçleriň arasyndaky jygba-jygly harby hereketleriň sahnasy bolupdy. Gözleýjiler häzirem adam nazaryndan uzakda ýerleşýän adalardan ýapon harby ýarag ammarlaryny tapýarlar.