Ýaponiýada golaýlap gelýän hem-de 2-nji iýunda Okinawa adasyna düşmegine garaşylýan umman tupany sebäpli howa uçuşlarynyň 290 töwereklisi ýatyryldy. Bu barada NHK teleýaýlymyna salgylanýan TASS habar berdi. Milli howa edarasynyň maglumatlaryna laýyklykda, tupanyň merkezi häzirki wagtda Okinawadan günortada ýerleşip, demirgazyga tarap süýşýär. 1-nji iýunda onuň Amami adasyna, ertesi bolsa Okinawa prefekturasynyň baş adasyna ýetmegine garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýerli häkimiýetler ýaşaýjylary we syýahatçylary howa maglumaty habarlaryny yzarlamaga hem-de seresaplylyk çärelerini görmäge çagyrdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir