Kanadada ýaraly gargany halas eden zenan beýleki gargalardan minnetdarlyk nyşany hökmünde täsin sowgatlary alyp başlady diýip, «CTV News» teleýaýlymyna salgylanýan «MIR 24» gürrüň berýär. Ýaz günleriniň birinde Wankuweriň ýaşaýjysy Lia Uilsonyň öýleriň biriniň töwereginde gargalaryň aýlanyşyp ýörenine gözi düşdi. Baryp görse, ol gargalaryň biriniň suw geçiriji turbanyň agzynda dykylyp galandygyny gördi. Emma guşy halas etmek üçin uzyn merduwan tapylmady, şol wagt Lia golaýda ýangyn söndüriji ulagy görüp olary kömege çagyrdy. Ýangyn söndürijiler halas edenden soňra Uilson gargany ýabany haýwanlary dikeldiş merkezine eltdi. Guşy erkinlige uçuranlaryndan birnäçe gün soňra zenan iti bilen aýlanyp ýörkä, birdenkä asmandan garga onuň aýagastyna bir çugdam ýelek taşlady. Şondan bäri gargalar zenana asmandan onlarça sowgat okladylar, olaryň arasynda çöpjagazlar, ýüň bölejikleri, hatda kiçijik guş höwürtgesi hem bardy. Indi Lia her gezek gezelenje çykanda, ýanyna garga sürüsi hem goşulýar, zenan olaryň arasyndan şol halas eden guşuny aýagyndaky demir ýüzükden dessine tanaýar. «Bu her gün irden dostlaryň bilen duşuşyga meňzeýär» diýip, Uilson gülüp gürrüň berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir