Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin şu başlanan hepdede Peterburg halkara ykdysady forumynyň (PHYF) çäklerinde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy habar beriş agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşar. Putiniň şeýle hem halkara maslahatyň çäklerinde däp bolup gelýän çykyşyna garaşylýar. Bu barada ýerli «Rossiýa.Westi» teleýaýlymynyň žurnalisti we awtory Pawel Zarubine salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi. Rus lideriniň şu hepdedäki iş tertibinde halkara duşuşyklary meýilleşdirilendir diýip, Zarubin sözüniň üstüni ýetirdi.