Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramaklarynda usuly-amaly döwlet maslahaty geçirildi. Ol «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe umumybilim maksatnamalary boýunça matematika, fizika, astronomiýa derslerini okatmagyň usulyýetiniň derwaýys wezipeleri we olary çözmegiň ýollary» diýlip atlandyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär. Usuly-amaly döwlet maslahatyna Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň usulyýetçi alymlary we ylmy işgärleri, bäş welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden mekdebe çenli çagalar edaralarynda we umumybilim berýän orta mekdeplerinde zähmet çekýän öňdebaryjy terbiýeçiler we mugallymlar, Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň we umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezleriniň hünärmenleri, şeýle hem mugallymçylyk ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlary, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk mekdebiniň, Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar. Usuly-amaly döwlet maslahatynyň dowamynda edilen çykyşlarda umumybilim maksatnamalary boýunça matematika, fizika we astronomiýa derslerini okatmagyň usulyýetiniň derwaýys wezipelerini çözmegiň ýollary, okuw maksatnamalarynyň, kitaplarynyň, gollanmalarynyň mazmunyny ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny hasaba almak bilen yzygiderli baýlaşdyrmak hem-de okatmagyň innowasion usullaryndan işjeň peýdalanmagyň usullary, başlangyç synplarda matematika dersi okadylanda, dersara baglanyşygyny guramagyň usullary, takyk ylmy ugra degişli dersleri okadýan mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda we mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmekde halypa-şägirt gatnaşyklarynyň orny we ähmiýeti, STEM we emeli aň (EA) tehnologiýalaryny dersleri okatmakda ulanmagyň usullary barada giňişleýin durlup geçildi.