Ugandanyň hökümeti çarşenbe güni Kongo Demokratik Respublikasy bilen serheti ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagynyň dowam edýändigi bilen baglylykda, doly ýapmak barada karar kabul etdi. Çözgüt dessine güýje girdi diýip, «Associated Press» habarlar gullugyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) maglumatlaryna laýyklykda, häzirki günde Kongo DR-da ýokanç degen kesellileriň sany 1 müňe ýetýär, 101 sany ýokuşma laboratoriýa usulynda tassyk boldy. Eýýäm ýurtda 220 adamyň ebola gyzzyrmasyndan heläk bolandygy aýdylýar. Goňşy Ugandada hem ebola gyzzyrmasy degenleriň sany ýedi adam, olaryň biri aradan çykdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 17 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir