Dünýäde 2 milliarddan gowrak adam arassa agyz suwuny peýdalanyp bilenok. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary Li Szýunhua Duşenbe şäherinde geçen «Durnukly ösüş üçin suw, 2018-2028-nji ýyllar» atly ýokary derejeli halkara maslahatyň jemlerine bagyşlanan metbugat duşuşygynda aýtdy. «Durnukly ösüş boýunça maksatlaryň 6-njysynda bellenen arassa suw we arassaçylyk boýunça tagallalar isleýşimizden güýçli yza galýar. Bize öz tagallalarymyzy gyssagly işjeňleşdirmek gerek. Häzirki wagtda 2,2 milliard adam üçin arassa içimlik suw elýeterli däl, 3,5 milliard adamyň bolsa howpsuz arassaçylyk şertleri ýok» diýip, Li Szýunhua nygtady. «Planetanyň ýaşaýjylarynyň arassa agyz suwuna elýeterliligini gowulandyrmak we arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek üçin her ýyl 130 milliard dollardan gowrak serişde ýetenok. Munuň üçin aýratyn hem ösýän ýurtlara gönükdirilen uly möçberde maliýe serişdeleri gerek» diýip, Baş sekretaryň orunbasary sözüniň üstüni ýetirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 17 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir