Amerikanyň ilat ýazuwy boýunça edarasynyň maglumatlaryna görä, 2050-nji ýyla çenli ABŞ-da akýagyz däl ilat ilkinji gezek köplügi emele getirer. Bu döwre çenli akýagyzlaryň sany 47 göterime, 2060-njy ýylda 44 göterime çenli azalyp biler. Deňeşdirmek üçin, 1980-nji ýylda ol ilatyň 80 göterimini eýeledi diýip, «New York Post» gazetine salgylanýan «MIR 24» ýazýar. Ýagdaý 16 ştaty, şol sanda Nýu -Ýorky, Nýu-Jersini we Konnektikuty öz içine alar. Muňa halkara we içki migrasiýa, şeýle hem dogluşyň pese gaçmagy sebäp bolar. Häzirki wagtda akýagyz dälleriň alty ştatda agdyklyk edýändigi hasaba alyndy, olar Gawaý, Kaliforniýa, Nýu-Meksika, Merilend, Newada we Tehas. Öňdäki ýigrimi ýylda akýagyzlar ýene 10 ştatda: Nýu-Ýorkda, Nýu-Jerside, Konnektikutda, Delawerde, Floridada, Jorjiýada, Arizonada, Illinoýsda, Oklahomada we Waşingtonda azalar. Umuman, 2060-njy ýyla çenli aklar 24 ştatda azlyk ýa-da şuňa golaý ýagdaýda bolarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 17 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir