Angliýanyň «Kristal Pelas» futbol kluby UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň ýeňijisi boldy. Leýpsig şäherinde geçirilen final duşuşykda ol Ispaniýanyň «Raýo Walýekano» toparyndan 1:0 hasaby bilen üstün çykdy. ​Oýundaky ýeke-täk goly 51-nji minutda fransuz hüjümçisi Žan-Filipp Mateta saldy. Iki topar hem öz taryhynda ilkinji gezek Ýewropa kubogynyň finalynda oýnady. «Kristal Pelas» mundan ozal diňe Angliýanyň Kubogyny, Superkubogyny we dört gezek Angliýanyň Liga kubogyny gazanypdy. ​Geçen möwsümde londonly topar Angliýanyň Kubogyna eýe bolup, Ýewropa ligasyna gatnaşmaga hukuk gazanypdylar. Emma, UEFA-nyň birnäçe kluba bilelikde eýelik etmek baradaky düzgünleriniň bozulmagy sebäpli, klub Konferensiýa ligasyna düşürilipdi. ​«Transfermarkt» portalynyň maglumatlaryna görä, iki toparyň düzüminiň jemi bahasy biri-birinden ep-esli tapawutlanýar: «Kristal Pelasynyň» oýunçylarynyň bahasy 541,3 million ýewro, «Raýo Walýekanonyňky» bolsa 107,3 million ýewro barabar. ​Gazanan bu ýeňşi üçin «Kristal Pelas» 7 million ýewro baýrak alar, «Raýo Walýekano» bolsa finala çykany üçin 4 million ýewro eýe bolar. Deňeşdirip aýtsak, Çempionlar ligasynyň finalyna çykanlara 18,5 million ýewrodan berilýär (ýeňiji goşmaça 6,5 million ýewro alýar), Ýewropa ligasynda bolsa finala ýetenlere 7 million ýewrodan gowşurylýar (ýeňiji goşmaça 6 million ýewro alýar). ​Şu möwsümde ýewrokuboklaryň ähli final oýunlarynda iňlis klublary bar: «Aston Willa» Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy, «Arsenal» bolsa 30-njy maýda Çempionlar ligasynyň jemleýji oýnunda Fransiýanyň PSŽ topary bilen ýüzleşer. ​Iňlis klublary Konferensiýa ligasynyň geçirilen bäş möwsüminiň üçüsinde ýeňiji boldular. Mundan ozal ýaryşy «Çelsi» bilen «West Hem Ýunaýted» utupdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir