Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanda giňden bellenilýän, belent ahlak gymmatlyklaryny, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi dabaralandyrýan Gurban baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Bu barada TDH habar berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gutlagynda: «Siziň baştutanlygyňyzda Garaşsyz Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýar. Döwlet syýasatynda jemgyýetiň ahlak ýörelgelerini pugtalandyrmaga, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmaga, ony gorap saklamaga uly ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde milli baýramlarymyzyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy halkymyzyň durmuşyna çuňňur ornaşan däp-dessurlarymyzyň aýawly saklanylmagyna, nesilleriň watançylyk, ýokary ahlaklylyk, gadymy mirasymyza buýsanç duýgusynda terbiýelenilmegine ýardam edýär. Mähriban halkymyz mukaddes Gurban baýramyny milli adatlarymyza laýyklykda giňden belleýär. Berkarar Watanymyzyň çar künjeginde — welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baý mazmunly aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri uly dabaralar bilen geçirilýär. Üç günüň dowamynda her bir maşgalada bereketli desterhanlar ýazylyp, dürli naz-nygmatlar taýýarlanylýar. Siziň alyp barýan beýik işleriňiziň rowaçlyga beslenmegi, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, dost-doganlygyň, agzybirligiň has-da berkemegi üçin gurbanlyk sadakalary berlip, aýat-töwir okalýar, ýagşy doga-dilegler edilýär. Ýaşlar belent hiňňildiklerde uçmak bilen, bu gadymy dessuryň häzirki döwürde-de dowam etdirilýändigini görkezýärler. Bularyň ählisi döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz baglanyşygyna, halkyň taryhy tejribesiniň çuňňurlygyna hem-de gymmatlygyna düşünmäge, ene toprak, tutuş dünýä bilen bir bitewüligi duýmaga ýardam berýär» diýip belleýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Siziň parasatly baştutanlygyňyzda halkymyzyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, arassa ahlaklylyk, päk wyždanlylyk ýaly ýol-ýörelgelerini has-da ilerletmek maksady bilen, watandaşlarymyzyň yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat etmekleri, namaz okamaklary, haj parzyny berjaý etmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Siziň Buýrugyňyz bilen, Gurban baýramy mynasybetli ýurdumyzyň wekillerinden ybarat toparyň mukaddes Mekge-Medinä zyýarata iberilmegi hem ynanç-ygtykatlaryň, adat-dessurlaryň, ynsanperwer gymmatlyklaryň baýlaşmagynda we kämilleşmeginde uly ähmiýete eýedir» diýlip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlag hatynda nygtalýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gutlag hatynyň ahyrynda «Sizi mukaddes Gurban baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tagallalaryňyzyň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. Goý, Gurban baýramy günlerinde Garaşsyz Watanymyzyň abadançylygyny, külli adamzadyň parahat durmuşyny arzuwlap ediljek doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!» diýip, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.