Argentinada futbol oýunçysy Lionel Messä dünýäde iň beýik heýkel dikiler, onuň boýy 26 metr diýip, «MIR 24» habar berdi. Heýkel toplumy milli ýygyndynyň kapitanyny dünýä kubogyny ellerinde ýokary göterip duran keşpde şekillendirýär. Heýkeli äpet göwresi üçin bölekläp ýygnaýarlar. Ony oturtmak üçin 70 tonnalyk ýük göteriji ulanylar. Heýkeliň mähnetdigine seretmezden, onda ähli jikme-jiklikler işlenipdir. Aýratyn hem futbol oýunçysynyň ýüzüni döretmek çylşyrymly boldy. «Heýkeliň kelle bölegini döretmek kän wagty aldy. Onuň üstünde iki aý işledik, aýratyn hem gözlerini we agzyny meňzedip şekillendirmek kyn boldy. Biz Messiniň Hindistandaky heýkelinden hem bäş metr beýik heýkel ýasadyk» diýip, heýkeltaraş Aldo Berois gürrüň berdi. Heýkeltaraşlar ýadygärligi 11-nji iýunda başlanjak futbol boýunça dünýä çempionlygynyň öňüsyrasy dabaraly açmakçy bolýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir