24 — 26-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň «Ýaşyl Merkezi Aziýa II» maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen «Merkezi Aziýanyň zenan parlamentarileri — «Durnukly ösüş üçin suw» gün tertibini ilerletmekde öňdebaryjylyk» atly foruma gatnaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň habar bermegine görä, forum Merkezi Aziýada durnukly ösüşi, sebitleýin hyzmatdaşlygy we howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň strategik sütüni hökmünde suw gün tertibini öňe sürmekde zenan parlamentarileriň ornuny pugtalandyrmak, şeýle hem ýokary derejeli gepleşikler üçin platforma döretmek, iň gowy kanunçylyk we institusional tejribeleri alyşmak, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek üçin utgaşdyrylan çemeleşmeleriň işlenip düzülmegine ýardam bermek maksady bilen geçirildi. Forumyň dowamynda Mejlisiň wekilleri öz çykyşlarynda bu forumyň suw syýasatyny öňe sürmekde zenanlaryň ornuny pugtalandyrmaga, öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga we ýurtlaryň milli tejribeleri bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýändigini bellediler. Şeýle hem Türkmenistanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýer serişdelerinden netijeli peýdalanmakda we daşky gurşawy goramakda, kanun çykaryjylyk işinde zenanlaryň işjeň gatnaşygy, durnukly suw we ekologiýa diplomatiýasyny kämilleşdirmek, sebit ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary berkitmek, birek-birege ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny ýokarlandyrmak we olaryň ýolbaşçylyk ukybyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir