ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio şu gün – 26-njy maýda Ermenistanda saparda bolar. Respublikanyň DIM-niň metbugat gullugynyň beýanatyna laýyklykda, Rubio Ermenistanyň daşary işler ministri Ararat Mirzoýan bilen duşuşar, soňra taraplar metbugata ýüzlenme bilen çykyş ederler. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmegine garaşylýar diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir