Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 27-29-njy maýda Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça döwlet sapary bilen Gazagystanda bolar. Bu barada «Gazeta.ru» habar berdi. Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň Gazagystan bilen Russiýanyň arasyndaky ählitaraplaýyn stragetik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşjakdyklary habarda bellenýär. Şeýle hem 28-nji maýda Gazagystanda Ýewraziýa Ykdysady bileleşigiň agzalary bolan döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda guramanyň forumy geçer. Putin bu foruma hem-de ertesi boljak guramanyň Ýokary geňeşiniň mejlisine gatnaşar.