Hünärmenler Madagaskardaky iň uly we garry baobab agajynyň golaý wagtda gurajakdygyny habar berdiler. Agajyň ýaşy 1200 ýyl hasaplanýar. Onuň guramagynyň sebäbi howanyň üýtgemegi diýip, «MIR 24» ýazýar. 29 metr meýdany tutup oturan baobab agajy adanyň Asimo-Andrefan etrabynda ýerleşip, ýerli ilat ony Sitakakansa diýip atlandyrýar. Adatça, uzak ýaşan daragtlar tebigy gurama duçar bolýarlar. Emma bu baobabyň gurap başlamagyna 2025-nji ýylyň martynda ada günorta-günbatardan gelen «Jud» tropiki deňiz harasaty sebäp boldy. Ýagyş suwy agajyň porruk şahasyny dolduryp, çyg bugaryp ýetişmedi. Netijede, agaç içinden çüýräp ugrady, zeňledi, bakteriýalardyr kömelekler peýda boldy. Soňra onuň esasy şahalarynyň biri döwüldi. Hünärmenler indi Sitakakansanyň iki-üç ýyl ömri galdy diýip, hasaplaýarlar. 2018-nji ýylda Madagaskarda beýleki bir mähnet baobab agajy gurady. Onuň 1400 ýyl ýaşy bar diýilýärdi. Ýerli uniwersitetleriň biriniň alymlary tutuş Afrikada mähnet baobab agaçlarynyň soňky ýyllarda tiz heläk bolýandyklaryny aýdýarlar. Bu ählumumy howa maýlamasy netijesinde adatdan daşary howa ýagdaýlarydyr ygalyň köp ýagmagy bilen baglanyşdyrylýar diýip, «Nature Plants» neşiri ýazýar.