«Liwerpul» futbol kluby Adidas kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan 2026/27 möwsümi üçin täze öý eşigini hödürledi. Toplumyň dizaýny klubuň 18-nji gezek Angliýanyň çempiony bolan 1989/90 möwsümindäki eşiginden ylham alnyp taýýarlandy. Köýnekçe 1980-nji ýyllaryň ahyryndaky eşik formasynyň dizaýnyny ýatladýan grafiki surat bilen doýgun gyzyl reňkde ýerine ýetirildi. Klubuň we tehniki hemaýatkäriň logotipleri ak reňkde ýerleşdirildi. Oýunçylaryň familiýalary we belgileri üçin täze şrift ulanyldy. Arne Slotuň topary täze eşikde ilkinji gezek Premýer-liganyň jemleýji tapgyrynda, öňümizdäki ýekşenbe güni geçiriljek «Aston Willa» garşy duşuşykda meýdança çykar. Öý eşik toplumy 2026-njy ýylyň 19-njy maýynda resmi taýdan satuwa çykaryldy. Şeýle-de, klub myhmançylykda geýjek eşigi baradaky maglumatlar bilen paýlaşdy. Ol goýy gyzyl reňkli logotipler bilen ak reňkde bolar. Ýakasynyň we ýeňleriniň bezeginde gyzyl, ak we çal reňkli zolaklar ulanylýar. «Mersisaýdlylar» bu dizaýnyň nusgawy futbol stilini we köçe modasynyň elementlerini özüne birleşdirýändigini belledi.