Zeminde eýýäm 150 million gektar ýer hatardan çykdy we bu geçen ýyllaryň ortaça görkezijilerinden iki esse ýokarydyr. Muňa «World Weather Attribution» bilermenler toparynyň maglumatlary güwä geçýär diýip, «MIR 24» ýazýar. Hünärmenler howa bilen bagly ýagdaýyň mundan beýläk diňe ýaramazlaşjakdygyny duýdurýarlar. Munuň sebäbi El-Nino tebigy hadysasy hem-de howanyň ählumumy maýlamasydyr. 2026-njy ýyl howany synlamalaryň ähli taryhynda iň maýyl ýyl bolup biler, bu bolsa güýçli tokaý ýangynlarydyr adatdan daşary tebigy ýagdaýlara getirer. Netijede, güýçli sil joşmalary, guraklyk we uly ýangynlar dörär. Eýýäm Hindistanda howa 46 gradusa çenli gyzýar, Demirgazyk Amerikada tokaýlar tutaşýar, Çilide we Argentinada her minutda 10 gektardan köp ýer ýanýar, Ýaponiýada bolsa, ýangyn sebäpli müňlerçe ýaşaýjy göçürilýär. Amazoniýanyň, Okeaniýanyň hem-de Günorta-Gündogar Aziýanyň tropiki tokaýlaryna çynlakaý howp abanýar. Howanyň gyzmagy çyglygyň toplanmagyna eltýär, bu bolsa güýçli çabgalary we deňiz harasatlaryny döredýär. Mysal üçin, Ispaniýada birnäçe ýyl guraklykdan soňra ýanwarda we fewralda öň görülmedik ýagyşlar ýagdy diýip, «Daily Mail» neşiri ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir