Halkara «Ýewrowideniýe-2026» aýdym bäsleşiginde Bolgariýadan wekilçilik edýän aýdymçy zenan Darina Ýotowa (DARA) ýeňiji diýlip yglan edildi. 70-nji ýubileý bäsleşik geçen şenbede Wenadaky «Winer-Ştadthalle» stadionynda geçdi diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi. Eminler toparynyň hem-de tomaşaçylaryň ses bermegi netijesinde, DARA bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda 516 utuk gazandy. Awstriýa bäsleşigi üçünji gezek geçirdi. 2026-njy ýylda bu ýurt 2025-nji ýyldaky bäsleşikde aýdymçy JJ «Wasted Love» diýen aýdymy bilen ýeňiş gazanandan soňra bäsleşigi geçirmek hukugyna eýe boldy. «Ýewrowideniýe-2026» aýdym bäsleşigi 1956-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir