18-nji maýa geçilýän gije Hytaýyň günortasyndaky Guansi-Çşuan awtonom etrabynyň dört million ilatly Lýuçžou şäherinde güýji 5,2 bala deň bolan ýer sarsgyny hasaba alyndy. Bu barada ýurduň Seýsmiki torlar merkezine (CENC) salgylanýan «Sinhua» agentligi habar berdi. Ýerasty sarsgynyň merkezi sekiz kilometr çuňlukda ýerleşdi. TASS habarlar gullugy tebigy betbagtçylyk bilen baglylykda, 7 müňden gowrak adamyň howpsuz ýere göçürilendigi habar berdi. «Nanfang ribao» gazeti azyndan 13 ýaşaýyş jaýyna zeper ýetendigini, üç adamyň dereksiz ýitendigini, dört adamyň hassahana ýerleşdirilendigi habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir