Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylyk bilen bagly dünýä energiýa kynçylygy tomus möwsüminiň golaýlaşýandygy sebäpli täze tapgyra geçýär. Bu barada çeşmelere salgylanýan «Financial Times» gazeti habar berdi. Gazetiň habaryna görä, 80 töweregi ýurt öz ykdysadyýetlerini goramak üçin adatdan daşary çäreleri girizdi. «Aberdeen» dolandyryjy kompaniýasynyň baş ykdysatçysy Pol Diggl neşire «Brent» nyşanly nebitiň barreliniň nyrhynyň 180 dollara ýetip biljekdigini aýtdy. Nebit, dizel we awiaýangyç üpjünçiliginiň häzirki ýagdaýy raýatlaryň sowadyjylara we daşary ýurtlara syýahatlara isleglerini artdyryp biler. Ykdysadyýetçiler synlamalaryň bütin taryhynda hasaba alnan dünýä gorlarynyň häzirki tiz sarp edilmeginiň nebitiň nyrhlaryny güýçli gymmatladyp biljekdigini çaklaýarlar. Ulag we syýahatçylyk işleri boýunça Ýewropanyň komissary Apostolos Sisikostasyň gazete beren beýanatyna görä, eger Ýakyn Gündogar gapma-garşylygy ýakyn hepdelerde kadalaşdyrylmasa, dünýä ykdysadyýeti durnukly pese gaçyp başlar. Maýyň başynda Russiýanyň Göni maýa goýumlar gaznasynyň ýolbaşçysy Kirill Dimitriýew nebitiň gymmatlamagy bilen baglylykda, dünýäniň taryhda görlüp-eşidilmedik energiýa kynçylygyna barýandygyny habar beripdi diýip, TASS ýazýar.