Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly şygary astynda geçýän, mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda ýurtda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli döwletliligi, beýik ösüşleri dabaralandyrýan bu gymmatlyklaryň şanyna tutulýan toýlaryň eziz Watana çuňňur söýgini we döwlet nyşanlara buýsanç duýgusyny has-da artdyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna pugta ynam bildirdi. Bu barada TDH habar berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gutlagynda: «Garaşsyz we özygtyýarly döwlet hökmündäki ösüşimiziň syýasy-hukuk binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň hem-de jemgyýetimiziň kämilliginiň hukuk binýadyny emele getirýär. Esasy Kanunymyz biziň geljegimizi kesgitledi. Onda türkmen jemgyýetiniň we döwletiniň öňünde durýan maksatlardyr wezipeler, halkymyzyň abadan durmuşynyň dowamatlylygy öz beýanyny tapýar. Konstitusiýamyzyň, milli kanunçylyk ulgamynyň döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilmegi, hormatly Prezidentimiz, Siziň adalatly hukuk özgertmelerini amala aşyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigiňizi görkezýär. Şol özgertmeleriň esasynda syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda alnyp barylýan tutumly işler, gazanylýan üstünlikler bolsa «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen asylly ýörelgeleri goldanyp amala aşyrýan beýik işleriňiziň netijesidir» diýip belleýär. «Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan» diýlişi ýaly, häzirki zaman syýasy-jemgyýetçilik gatnaşyklarynda döwletleriň we halklaryň gadymy taryhyndan, ýörelgelerinden ruhlanyp döredilen milli nyşanlara aýratyn orun degişlidir. Biziň Konstitusiýamyz we ýaşyl tugumyz hem Zeminde Türkmenistanyň berkarar döwlet, türkmen halkynyň bolsa agzybir millet hökmünde tanalmagyny we ykrar edilmegini şertlendirýän milli buýsanjymyzdyr, mertebämizdir. Halkara bileleşigiň doly hukukly agzasy hökmünde BMG-niň ştab-kwartirasynda buýsançly parlaýan Döwlet baýdagymyz bilen Garaşsyz ýurdumyzyň ady arşa galýar. Biziň ýaşyl tugumyz dostlugyň we parahatçylygyň baýdagydyr. Baýdagyň belentligi — ýurduň belentligi. Oňa söýgimiz Watana söýgimizdir. Baýdak türkmen halkynyň özbaşdak döwlet bolmak baradaky amala aşan iň beýik arzuwynyň nyşanydyr» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gutlag hatynda aýratyn nygtaýar. Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlag hatynyň ahyrynda döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.