Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Patyşa maşgalasynyň çakylygy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna amala aşyran sapary tamamlandy. Bu barada TDH habar berýär. Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri saparyň dowamynda ýokary derejeli duşuşyklary hem-de gepleşikleri geçirdi. Ol ýerde geçirilen atçylyk sportuna degişli çykyşlara hem-de sergä tomaşa etdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna saparyny tamamlap, Türkmenistana ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, Gahryman Arkadag paýtagtyň Halkara howa menziline geldi. Milli Lideriň bu sapary Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly mümkinçiliklerini kesgitlemekde täze gözýetimleri açdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir