20-nji maýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Arkadag şäherinde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde «Fortepiano» hünäri boýunça bäsleşik geçirilýär. Bäsleşigiňi maksady Aşgabatda hem-de welaýatlarda ýerleşýän ýörite sazçylyk we sungat orta hünär okuw mekdeplerinde «Fortepiano» hünäri boýunça bilim alýan 1-2-3-nji ýyl talyplaryň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylarynyň, talyp oglan-gyzlaryň fortepiano saz guralynda ýerine ýetirijilik ussatlygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Bäsleşik türkmen hem-de dünýä meşhur kompozitorlaryň, şeýle-de fortepiano mekdebiniň düýbüni tutujy wekilleriň bitiren ajaýyp goşandyny ýaş zehinlileriň arasynda wagyz etmäge gönükdirilýär.