Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Patyşa maşgalasynyň çakylygy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynda saparda boldy. Saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Edinburgyň Gersogy Şazada Edward bilen duşuşdy. Şazada Edward Gahryman Arkadagy britan topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy. Gepleşikleriň dowamynda Şazada Edward Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen gürrüňdeş boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. O.Atabaýewa behişdi bedewler arkaly, ippoterapiýanyň kömegi bilen ylmy esasda mümkinçiligi çäkli çagalarda bejeriş işleriniň geçirilýändigini aýtdy. Bedewleriň ynsan saglygyna edýän oňyn täsiri halkymyzyň köpýyllyk tejribesiniň aýdyň beýanydyr. Şazada Edward şeýle tejribä uly gyzyklanma bildirdi we geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir