«Mançester Siti» futbol kluby final oýnunda Londonyň «Çelsi» toparyny 1:0 hasabynda utup, 2025/26 möwsüminde Angliýanyň Kubogyny gazandy. Duşuşyk 16-njy maýda paýtagtyň «Wembli» stadionynda geçirildi. Oýnuň ykbalyny çözen ýeke-täk gol 72-nji minutda girizildi. «ManSitiniň» ganaly wingeri Antuan Semenýo hüjümçi Erling Holandyň beren urgusyndan soň, topy ökjesi bilen derwezäniň burçuna gönükdirip goýberdi. Bu üstünligiň netijesinde «Mançester Siti» taryhynda sekizinji gezek Angliýanyň Kubogynyň eýesi boldy. Bu abraýly ýaryşda gazanylan ýeňişleriň umumy sany boýunça Londonyň «Arsenal» topary öňde barýar, onuň hasabynda 14 titul bar. Ýeri gelende belläp geçsek, Hosep Gwardiolanyň şägirtleri yzygiderli dördünji ýyl bu ýaryşyň aýgytlaýjy tapgyryna ýetmegi başardy. 2023-nji ýylda topar «Mançester Ýunaýtedi» 2:1 hasabynda üstünlikli utdy. Ýöne şondan soň kubogy final oýunlarynda yzygiderli iki gezek elden gidirdi: 2024-nji ýylda topar şol bir «Mançester Ýunaýtedden» 1:2, 2025-nji ýylda bolsa «Kristal Pelas» toparyndan 0:1 hasabynda utuldy.