Germaniýanyň paýtagtyndaky çagalar üçin oýun meýdançasynda hakyky hazyna tapdylar: kümüş teňňeler, altyn şaý-sepler, gymmatbaha sagatlar we hakyky guýma altyn diýip, «Kronen Zeitung» gazeti habar berdi. Şäheriň polisiýasynyň maglumatlaryna görä, ilki çagalar bagynda terbiýelenýän çaga gyrymsylykdan kümüş şaýylyklary tapypdyr. Soňra terbiýeçisi hem-de kakasy pullary ýygnamaga başlaýar. Şol ýerde olar beýleki gymmatly zatlary-da, hatda nagt 6 müň ýewro tapypdyrlar. Polisiýa tapyndylaryň ogurlykdygyny ýa däldigini öwrenýär. Emma häzire çenli gymmat zatlary ýitirendigi barada polisiýa hiç ýüz tutmady diýlip, habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir