Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon klubunyň ýeňşi bilen tamamlandy. Gollary Markus Reşford (9-njy minut) we Ferran Torres (18-nji minut) öz hasaplaryna ýazdy. Oýnuň öňüsyrasynda «Barselonanyň» baş tälimçisi Hans-Diter Fligiň kakasynyň aradan çykandygy belli boldy, ýöne nemes hünärmeni bu duşuşygy sypdyrmazlyk kararyna geldi. Bu ýeňişden soň «Barselona» 91 utuk toplady we möwsümiň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda iň ýakyn bäsdeşi üçin elýetmez boldy. Ikinji ýerde barýan «Realda» 77 utuk bar. Katalon kluby yzygider ikinji möwsüm we öz taryhynda 29-njy gezek Ispaniýanyň çempiony boldy. Topar bu tituly ilkinji gezek «Real» bilen gönümel duşuşykda resmileşdirdi. «Real» bu ýaryşda 36 gezek ýeňiş gazanyp, rekordy elinde saklaýar. Indi bolsa «El-Klasikonyň» tutuş taryhyndaky şahsy duşuşyklarda taraplaryň arasynda deňlik ýüze çykdy –iki topar hem 106 gezek ýeňiş gazandy. Ýene 52 duşuşyk bolsa deňme-deň tamamlandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir