Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da hem pi­le möw­sü­mi­ne gu­ra­ma­çy­lyk­ly gi­ri­şil­di. Mö­hüm möw­sü­me taý­ýar­ly­gyň çä­gin­de we­la­ýa­tyň et­rap­la­ryn­da­ky to­hum örü­ziş mer­kez­le­ri­niň 67-sin­de ýü­pek önüm­çi­li­gi­niň baş­lan­gyç tap­gy­ry­nyň iş­le­ri göw­ne­jaý ge­çi­ril­di. Bu mer­kez­le­riň iş müm­kin­çi­li­gi göz öňün­de tu­tu­lyp, ola­ra gur­çuk gu­tu­la­ry­nyň je­mi 13 müň 691-si paý­la­nyl­dy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, we­la­ýat bo­ýun­ça ýo­ka­ry hil­li pi­lä­niň 500 ton­na­sy­ny ön­dür­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şu ýyl we­la­ýat bo­ýun­ça pi­le ön­dü­ri­ji­le­riň 8 müň 700-si bi­len de­giş­li şertnamalar bag­la­şyl­dy. We­la­ýa­tyň çä­gin­de köp ýyl­lar­dan bä­ri pi­le önüm­çi­li­gin­de gö­rel­de­li zäh­met çe­kip, ýo­ka­ry ne­ti­je ga­zan­ýan tej­ri­be­li pi­le­çi kä­ren­de­çi­le­riň sa­ny ýyl­sa­ýyn art­ýar. Ýü­pek gur­çu­gy­nyň ide­dil­me­gi üçin tut ýap­rak­la­ry esa­sy iý­mit çeş­me­si ha­sap­lan­ýar. Şo­nuň üçin we­la­ýat bo­ýun­ça tut na­hal­la­ry­ny ek­mek, ola­ryň sa­ny­ny kö­pelt­mek ba­bat­da de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir