Xiaomi kompaniýasynyň ýolbaşçysy Leý Szýun Xiaomi SU7 elektromobilini synagdan geçirip, Pekin — Şanhaý ugry boýunça 1313 kilometr ýol geçdi. Takmynan 15 sagat dowam eden bu syýahat göni efirde ýaýlyma berildi. Ýoluň tutuş dowamynda diňe bir gezek zarýad bermek üçin säginildi. Energiýanyň ortaça sarp edilişi her 100 kilometr üçin 14,6 kWt·sag boldy. Şanhaýa gelnen pursadynda batareýanyň zarýady 3% galdy, bu bolsa takmynan ýene 19 kilometr ýol üçin ýeterlikdir. Ýokary tizlikli ýollarda awtomobiliň ähli ulgamlary kadaly tertipde işledi. Kompaniýa bu hili synaglaryň awtomobiliň hakyky mümkinçiliklerini görkezýändigine we onuň energiýa netijeliligini tassyklaýandygyna ynanýar. Göni ýaýlym arkaly tomaşaçylar sürüjä kömek beriji ulgamlaryň işine we batareýanyň gyzgynlyk derejesiniň saklanyşyna syn etmäge mümkinçilikaldylar. Hünärmenleriň pikirine görä, kompaniýanyň ýolbaşçysynyň bu synaga hut özüniň gatnaşmagy brende bolan ynamy güýçlendirmäge gönükdirilendir. Synagyň netijeleri bu modeliň uzak aralyklary geçýän elektromobiller toparynda bäsdeşlige ukyplydygyny görkezýär.