Google Translate hyzmaty özüniň 20 ýyllygy mynasybetli uly täzelenme hödürledi. Hyzmat indi sözleri dogry aýtmagy öwreder. Google kompaniýasynyň işgäri Nik Foksuň habar bermegine görä, programmada ýörite «Praktika» düwmesi peýda boldy. Bu düwme emeli aň tehnologiýalarynyň kömegi bilen ulanyjylara daşary ýurt dillerinde gürlemek ukyplaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Täze funksiýanyň işleýiş usuly ulanyjynyň aýdan sözlemini seljermäge esaslanýar. Emeli aň gürleýşiň hiline baha berýär we ýalňyşlyklar ýa-da takyk bolmadyk aýdylyş ýüze çykan ýagdaýynda, diksiýany gowulandyrmak üçin anyk maslahatlary berýär. Bu bolsa terjimeçini doly derejeli lingwistik tejribe guralyna öwürýär. Häzirki wagtda sözleýiş tälimi funksiýasy ABŞ-nyň we Hindistanyň ulanyjylary üçin elýeterlidir. Ulgam häzirlikçe üç dili goldaýar: iňlis, ispan we hindi dilleri. Bu hyzmatyň haçan beýleki sebitlere we dil toparlaryna ýaýradyljakdygy barada entek maglumat berilmedi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir