Dubaýda bahasy 9,25 milliard dollara barabar bolan metronyň täze «altyn liniýasynyň» gurluşygy yglan edildi. Bu taslama barada emirligiň häkimi şeýh Muhammed bin Raşid Al Maktum habar berdi. 42 kilometr uzynlykdaky täze liniýa ýeriň aşagyndan 40 metr çuňlukda geçer. «Täze liniýa şäheriň 15 sany strategiki möhüm sebitinden geçip, 1,5 million töweregi ýaşaýja hyzmat eder we 55 sany iri emläk desgasyna elýeterliligi gowulandyrar» diýip, şeýh öz ýazgysynda belläp geçdi. Taslamanyň amala aşyrylmagy bilen, Dubaýyň metro ulgamynyň umumy uzynlygy 25% artar. Gurluşygyň 2032-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda tamamlanmagy meýilleşdirilýär. Mundan ozal hem şäherde altyn bilen düşelen köçäni öz içine alyp biljek ýörite zergärçilik kwartalyny döretmek meýilnamalary barada habar berlipdi. Bu taslama syýahatçylary we alyjylary çekmäge gönükdirilendir.