Weneradaky şertler adamzat üçin şeýlebir agyr welin, ol ýere hiç haçan hem dolandyrylýan uçuşy amala aşyryp bolmasa gerek. Bu barada Russiýanyň YA-synyň Lukmançylyk-biologik meseleler institutynyň «Kosmos biologiýasy» ylmy toparynyň ýolbaşçysy Wladimir Syçýew «RIA Nowosti» habarlar gullugynyň habarçysyna gürrüň berdi. «Wenera näme diýmek? Wenera – munuň özi 400 gradus. Atmosferada bolsa, 60 kilometr beýiklikde 40-60 gradus saklanýar» diýip, alym nygtady. Öň Weneranyň atmosferasynda ol ýerde ýaşaýyş bardygyna şaýatlyk edip biljek birleşmeleriň tapylandygy habar berlipdi. Emma russiýaly alym munuň jedellidigini sözüniň üstüne goşdy.