Ermenistanyň we Türkiýäniň wekilleri iki ýurduň arasynda demir ýol aragatnaşygyny dikeltmek boýunça iş toparynyň mejlisini geçirdiler. Bu barada Ermenistanyň DIM-ne salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi. «Ermeni-türk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak boýunça gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, 28-nji aprelde Karsda Gümri (Ermenistan) – Kars (Türkiýe) demir ýoluny dikeltmek we ulanyşa girizmek barada ermeni-türk iş toparynyň ýygnagy geçirildi» diýip, daşary syýasat edarasynyň habarynda aýdylýar. Ankara bilen Ýerewan 1993-nji ýylda ýapylan serhetleri açmak hem-de gatnaşyklary kadalaşdyrmak babatda ýörite wekilleriň derejesinde gepleşikleri alyp barýar. Iki ýurduň arasynda howa gatnawlary hereket edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir