29-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyza ilkinji resmi sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri For bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. Diplomatlar bu saparyň özara bähbitli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýetini belledi. Syýasy-diplomatik gepleşikleri, şol sanda ýokary we iň ýokary derejedäki özara saparlaryň hasabyna işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy. Duşuşykda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklar maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy ýurduň halkara başlangyçlaryna berilýän goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi we Seýşeller Respublikasyny Bitaraplygyň dostlary toparyna goşulmaga çagyrdy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmegiň zerurdygyny belledi. Diplomatlar, şeýle hem, bilelikdäki işewürlik forumlaryny, sergileri we ýarmarkalary geçirmek, iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda, esasan hem ulag, dokma senagaty, syýahatçylyk ýaly ulgamlarda göni gatnaşyklary ýola goýmak arkaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdi. Taraplar halkara we sebit gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdy. Medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, ylym we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada syn berildi. Iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda duşuşyklary guramak hem-de Aşgabatda we Wiktoriýada Medeniýet günlerini geçirmek barada teklipler öňe sürüldi. Duşuşygyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir