«Atletiko» we «Arsenal» toparlarynyň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarymfinal garşydaşlygynda birinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Madridde geçirilen duşuşykda iki topar hem gollaryny penaltiden urmagy başardy. Hasap 44-nji minutda açyldy: 11 metrlik jerime urgusyny «Arsenalyň» hüjümçisi Wiktor Dýökereş dürs ýerine ýetirdi. Oňa çenli toparlar birnäçe howply pursat döretseler-de, uzak wagtlap hüjümlerini gol bilen jemläp bilmediler. «Atletiko» ikinji ýarymyň başynda — 56-njy minutda hasaby deňledi. «Kanonirleriň» jerime meýdançasynda top goragçynyň elinde degenden soň, emin penalti nokadyna görkezdi. Urgyny Hulian Alwares ýerine ýetirdi. Oýnuň dowamynda madridli topar has işjeň hereket etdi, Antuan Grizmanyň urgusyndan soň top derwezäniň ýokarky sütünine degdi, «Atletikonyň» ýene bir hüjümçisi Ademola Lukman hem ençeme howply pursat döretdi. Duşuşygyň ahyrynda ýer eýeleri ýeňiş gazanmaga ýene bir ýola juda ýakynlaşdylar, emma Nauel Molina topy derwezäniň ýokarsyndan geçirdi. «Arsenal» Çempionlar ligasynyň şu möwsüminde ýeňilmedik ýeke-täk topar bolmagynda galýar — londonly klub 13 oýunda 10 ýeňiş gazanyp, 3 gezek deňme-deň oýnady. Oýnuň iň gowy oýunçysy diýlip Antuan Grizman saýlandy. Bu onuň «Atletikonyň» düzüminde Madridde Çempionlar ligasyndaky iň soňky oýny boldy – indiki möwsümde fransuz futbolçysy karýerasyny ABŞ-nyň çempionatynda – MLS-däki «Orlando Siti» toparynda dowam eder. Tälimçileriň pikirleri: Diego Simeone («Atletikonyň» baş tälimçisi): «Birinji ýarym deň derejede geçdi — belki, olar topa has köp eýelik edendirler, emma az pursat döretdiler. Olaryň düzümi örän güýçli: ätiýaçdan oýna girenler esasy düzümde oýnap ýörenlerdenem ökde. Muňa garamazdan, ikinji ýarymda biz olardan has gowy oýnadyk». Mikel Arteta («Arsenalyň» baş tälimçisi): «Oýnumyzda gowy pursatlar kän boldy. Ýöne maňa ikinji ýarymyň başy ýaramady — oýny doly gözegçilikde saklap bilmedik. Soňky 15 minut bolsa has ýerine düşdi».

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir