NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar we 2028-nji ýylda adamyň kosmosa uçuşyna taýýarlyk görmäge niýetlenen robotlaşdyrylan missiýalar arkaly çaltlandyrmak teklip edilýär. NASA-nyň administratory Jared Aýzekman ozal programmany täzeden gözden geçirmegiň zerurdygyny mälim edipdi. Seredilýän teklipleriň arasynda Aýy özleşdirmegiň başlangyç tapgyrlarynda awtomatlaşdyrylan apparatlaryň roluny giňeltmek hem bar. MoonFall taslamasy kameralary we ylmy datçikleri göterýän dört dronuň uçurylmagyny göz öňünde tutýar. NASA-nyň Reaktiw hereket laboratoriýasynyň taslama müdiri Reý Beýker her bir dronuň takmynan 50 kilometr meýdany barlap biljekdigini aýtdy. Taslamanyň tehnologiýalary Ýezero kraterinde 72 uçuşy amala aşyran Ingenuity mars dikuçarynyň tejribesine esaslanýar. Her bir dron takmynan on kamera we ylmy enjamlar bilen enjamlaşdyrylar. Netijede, alnan maglumatlar geljekde gonuljak we infrastrukturanyň ornaşdyryljak ýerlerini saýlamaga kömek etjek Aý üstüniň takyk kartalaryna birleşdiriler. Enjamlar häzirki wagtda işlenip düzülýär we synagdan geçirilýär. Uçuş imitasiýa synaglaryny şu ýyl, toplumlaýyn barlaglary 2027-nji ýylda geçirmek we 2028-nji ýylda bolsa uçuş meýdançasyna eltmek göz öňünde tutulýar.