Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär. Ýurduň WAM döwlet habarlar agentliginiň berýän maglumatyna görä, bu çözgüt ýurduň uzak möhletleýin ykdysady we strategik garaýyşlaryny beýan edýär. Energetika ministri Suheýl Mohamed al-Mazrui Abu-Dabiniň bu çözgüdi hyzmatdaşlary bilen ylalaşmazdan, özbaşdak kabul edendigini mälim etdi. «Bu syýasy çözgüt bolup, ol nebit çykarmagyň derejesi bilen baglanyşykly häzirki we geljekki syýasatyň düýpli seljermesinden soň kabul edildi» – diýip, ministr belledi. Reuters agentliginiň pikirine görä, BAE-niň guramadan çykmagy OPEK-iň we onuň resmi däl lideri bolan Saud Arabystanynyň ornuny gowşadyp biler. Gurama nebit kwotalary we geosyýasat baradaky düşünişmezliklere garamazdan, adatça, agzybirligi saklamaga çalyşýardy. BAE subut edilen nebit gorlary boýunça dünýäde ýedinji orny eýeleýär. OPEK nebit çykarýan ýurtlar tarapyndan nebit çykarylyşynyň paýlaryna gözegçilik etmek üçin döredilen halkara hökümetara guramasydyr. Gurama agza ýurtlara global nebit çykarylyşynyň, takmynan, 35%-i we dünýä eksportynyň ýarysy degişlidir. OPEK+ ýurtlary bolsa umumylykda global nebit çykarylyşynyň, takmynan, ýarysyna gözegçilik edýär.