«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti edara-kärhanalar, syýahatçylyk edaralary we raýatlar üçin awtobuslary sargyt etmek hyzmatynyň ýola goýlandygyny habar berdi. Bu hyzmatdan dynç alyş ýerlerine gezelençleri gurnamak, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerine, aramgählere we zyýaratlara gidip gelmek maksady bilen peýdalanyp bolar. Sargyt esasynda amala aşyrylýan gatnawlar tejribeli sürüjiler tarapyndan rahat we döwrebap awtoulaglarda ýerine ýetirilýär. Hödürlenilýän ähli ulag serişdeleri doly tehniki abatlyk ýagdaýynda bolup, olar ýolagçylaryň howpsuzlygyny hem-de oňaýlylygyny üpjün edýän döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Habarlaşmak üçin: Salgysy: Aşgabat şäheri, Çoganly ýaşaýyş toplumy, Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 422-nji jaýy, Halkara awtomenziliniň 1-nji gaty. Telefon belgileri: +99361-49-34-95; 44-35-20.