27-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, gepleşikleriň esasy mowzugy öňde duran ýokary döwlet we hökümet derejesindäki saparlar boldy. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdy. Şu ýyl Türkmenistanyň Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyna 30 ýyl dolýandygy bellenildi. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde nebitgaz pudagynda özara gatnaşyklaryň uly tejribesi toplanyldy. Diplomatlar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini hem tassyklady. Ýüzlerçe türkmen talybynyň Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandygy bellenildi. Şeýle hem, «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň çäklerinde «Petronas» Tehnologik uniwersiteti bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Mundan başga-da, türkmen hünärmenleri Malaýziýanyň tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ugry boýunça hünär kämilleşdiriş okuwlaryna we maslahatlaryna yzygiderli gatnaşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir