Hytaýly alymlar sag ýa-da çep eli ulanmagyň dogabitdi däl-de, eýsem, çagalykda emele gelýändigini ýüze çykardylar. Bu gözlegleriň netijeleri Journal of Genetics and Genomics atly ylmy žurnalda çap edildi. Alymlar synagy syçanlar arkaly geçirdiler. Hakykatdan hem, yzygiderli gözegçilik syçanlaryň doglanlarynda el parhyny bilmeýändiklerini we iki penjäni hem deň ulanýandyklaryny görkezdi. Soňra haýwanlar iýmiti diňe bir penjesi bilen alyp boljak ýörite şertlere goýuldy. Birnäçe synanyşykdan soň, olarda durnukly endik emele geldi. Gyzykly tarapy, sag penjesini ulanmaga öwrenişen syçanlar, bu çäklendirmeler aýrylandan soň hem bir aýdan gowrak wagtlap şol endigi saklap galdylar. Goşmaça synaglar sag penjäni ulanmak endigini üýtegtmegiň çep penjä garanyňda has kyn düşýändigini görkezdi. Hatda hereketler gezekleşdirilende hem, haýwanlaryň köpüsi soňlugy bilen sag tarapy saýlady. Gözlegçi Sun Çžunşeniň sözlerine görä, bu saglakaýlygyň has öňe geçmegine sebäp bolýar. Köpüsi saglakaýlardan düzülen jemgyýetçilik gurşawynyň hem muňa täsiri uly. Şeýlelikde, alymlar el saýlamak (saglakaý ýa-da çepbekeý bolmak) dogabitdi häsiýet däl. Ol çagalykda gaýtalanyp durýan hereketlere baglylykda emele gelýär we wagtyň geçmegi bilen şol endik berkäp galýar diýen netijä geldiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir