Häzirki zaman emeli aň modelleri seýrek duş gelýän we az öwrenilen diller bilen işlemegi ep-esli gowulandyrdylar. Bu barada TechRadar neşiri RWS kompaniýasynyň geçiren barlagyna salgylanyp habar berýär. ​Habarda täze ulgamlaryň çäkli möçberdäki okuw maglumatlary bilen hem ýokary hilli netije görkezip bilýändigi bellenilýär. Mysal üçin, Google Gemini Pro modeli Ruandada, Ugandada we Kongo Demokratik Respublikasynda ýaýran kinýaruanda dili bilen işlän wagty 5 baldan 4,5-den ýokary baha aldy. ​Bilermenler bu öňegidişligi dilleriň arasyndaky umumy kanunalaýyklyklaryň ulanylmagy bilen düşündirýärler. Şeýle hem munda, teksti gaýtadan işlemek üçin böleklere bölmek işi bolan tokenizasiýadaky öňegidişlikler hem möhüm rol oýnaýar. ​Barlagyň barşynda ölçeg süýşme ýagdaýy hem ýüze çykaryldy. Bu, modelleriň täze görnüşleriniň käbir ugurlarda öňkülerinden has pes ýa-da ýokary netije görkezip bilýändigini aňladýar. Mysal üçin, OpenAI modelleriniň iň soňky nusgasynyň tekst öndürmekde has öňki nusgadan yza galan halatlary boldy. ​Hünärmenler öndürijileriň köpdillilige has köp üns berýändigini nygtaýarlar. Şol bir wagtyň özünde, ýokary bahanyň hemişe dil bilmek derejesine doly jogap bermeýändigi we seýrek dilleri goldamagyň entek ähli ulgamlar üçin ileri tutulýan ugur däldigi hem ünsden düşürilenok.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir