Euronews Business tarapyndan seljerilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) hasaplamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli Ýewropada jemi içerki önümiň jan başyna düşýän derejesi artar, emma ýurtlaryň gurplulyk derejesi boýunça ýerleşişi düýpli üýtgemez. Barlag Ýewropanyň 41 ýurdy üçin geçirildi. Hasaplamalarda nominal JIÖ we hakyky bahalary görkezýän satyn alyş ukybynyň pariteti (SUP) ulanyldy. Şoňa laýyklykda, Irlandiýa Lýuksemburgy yzda galdyryp, satyn alyş ukybynyň pariteti boýunça birinji orna çykar. Hünärmenler Irlandiýanyň görkezijileriniň ýurtda iri halkara kompaniýalarynyň bolmagy sebäpli biraz yrga ýa-da hakyky ýagdaýyň üstüni örtýän ýaly bolup görünjekdigini-de belleýärler. Sebäbi Bütindünýä bankynyň 2024-nji ýyl üçin maglumatlaryna ser salsaň, Irlandiýa jemi içeki önümi boýunça ilkinji dörtlüge-de girmeýär. Ilkinji bäşlik Irlandiýa, Lýuksemburg, Norwegiýa, Şweýsariýa we Daniýa boldy. Bu ýurtlaryň orunlary şol bir durnuklylygyny saklar. Ýewropanyň iň uly ykdysadyýetleriniň sanawynda Germaniýa 12-nji orun bilen öňdeligi saklaýar. Şeýle-de Fransiýa 15-nji, Beýik Britaniýa 16-njy, Italiýa 18-nji, Ispaniýa 22-nji orny eýelediler. Sanawyň soňunda esasan Ýewropa Bileleşigine (ÝB) dalaşgär ýurtlar ýerleşýär. Türkiýe 29-njy orny eýeläp, Bolgariýadan, Latwiýadan we Gresiýadan öňde durýar. Netijeden çen tutsaň, ýakyn ýyllarda ýewropa ýurtlarynyň ykdysady reýtinginde uly sarsgynlar ýa-da düýpli üýtgeşmeler bolmaz. Ýurtlaryň aglabasy häzirki eýeleýän orunlaryny sypdyrmazlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir