Üç laboratoriýanyň halkara alymlar topary SP maşgalasyndan bolan genleriň adam dokumalaryny dikeltmek boýunça terapiýanyň esasyny düzüp biljekdigini anyklady. Proceedings of the National Academy of Sciences žurnalynda çap edilen bir barlagda aksolotllarda, syçanlarda we danio balyjaklarynda adamlaryň el-aýaklaryny dikeltmäge mümkinçilik berip biljek umumy genetiki mehanizmleriň bardygy anyklandy. Esasy açyşlaryň biri öwrenilen ähli görnüşleriň regenerasiýa edýän epidermisinde beýan edilýän SP6 we SP8 genleriniň rolunyň bardygy boldy. Ueýk Forest uniwersitetinde CRISPR tehnologiýasyny ulanyp geçirilen tejribeler aksolotllarda we syçanlarda SP8 geniniň ýok edilmeginiň süňk dokumalarynyň regenerasiýasynyň ýitmegine getirýändigini görkezdi. Bu bolsa, ýitirilen beden bölekleriniň tebigy ýagdaýda täzeden ösmegi üçin bu genleriň möhümdigini tassyklaýar. Dýuk uniwersitetiniň hünärmenleri eýýäm FGF8-iň molekulasyny bedene ýetirýän wirus gen terapiýasyny işläp düzdüler. Bu bolsa, zerur SP genleri bolmadyk ýagdaýynda-da, syçanlarda barmak süňkleriniň ösüşini bölekleýin stimulirlemäge mümkinçilik berdi. Bu usuly kliniki tejribede durmuşa ornaşdyrmak üçin goşmaça ylmy-barlag işleriniň geçirilmegi zerur bolsa-da, biologlaryň we hirurglaryň geçirýän işi şikeslerden ýa-da agyr kesellerden soň protezlere alternatiwa gözlemekde esasy zat hasaplanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir