kuranda seyle gecya
SHEHITLER ÖLMEZ
-
idealman
13 years ago
- ur$da ýogalan bolsa $ehit bolýar dälmi?
-
ynsan
13 years ago
- Allahyň ýolunda janyny pida eden musulmana şehit diýilýär. Şehitlik yslamda iň uly mertebedir. Şehitleriň Allahyň dergähinde gadyr-gymmaty örän belentdir. Ahyretde iň ýokary dereje – pygamberlikden soň şehitlikdir. Şonuň üçin şehitleriň gul hakyndan başga ähli eden günä we hatalary bagyşlanar.
Kurany Kerimde şehitler bilen baglanyşykly şeýle buýrulýar:
«Allahyň ýolunda öldürilenleri öli hasaplamaň. Olar Rableriniň dergähinde diridir we jennet miwelerinden ryzklanýandyr. Olar Allahyň özlerine eden yhsany sebäpli hoşaldyr», (Äli Imran, 169-170).
«Allahyň ýolunda öldürilenlere öli diýmäň, belki, olar diridir ýöne siz düşünmersiňiz», (Bakara 154).
Hadysy şerifde bolsa şeýle buýrulýar: «Jennete giren kişä dünýädäki ähli zat berilse hem, täzeden dünýä gaýdyp gelmek islemez. Diňe şehit beýle däldir. Ol ýeten mertebesi, gowşan nygmatlary sebäpli täzeden dünýä gaýdyp, on gezek öldürilmegi arzuw eder», (Tirmizi). Şonuň üçin Pygamberimiz hem bu manyda şeýle diýýär: «Muhammedi gudraty bilen ýaradan Allaha kasam bolsun, Allahyň ýolunda söweşmek we öldürilmek, soňra ýene söweşip öldürilmek, soňra ýene söweşip öldürilmek islärin», (Buhary, Müslim, Nesaýy).
-
ynsan
13 years ago
- Bir musulmanyň şehidi kämil saýylmagy üçin şu alty şert hökmandyr:
1. Musulman bolmak,
2. Akyly ýerinde bolmak,
3. Bulug ýaşyna ýeten bolmak,
4. Jünüp, haýz we nifas halynda bolmazlyk,
5. Urlan ýerinde şobada jan bermek. Urlandan soň ölmän bejerilip, iýdirilip-içirilip, başga ýere äkidilse ýa-da bir namaz wagt aralygy diri galsa, şehidi uhrewi bolar.
6. Öldürilmegi sebäpli öldüren adama kysasyň hökmanlygy. Ýagny ýalňyşlyk bilen däl-de, bilkastlaýyn öldürilmegi.
Bu şertlerden biri bolmadyk ýagdaýda, şehitler ýuwulýar, kepene dolanýar we jynaza namazy okalýar.
-
Yegen
13 years ago
- Sag bolun Ynsan aga!
-
artogrul
13 years ago
- alla razy bolsun goy alla bizede o bagty yetirsin!!! AMIN
asiya 13 years ago- dogry bellap geçdiñ artogrul!!!
dayym pahyr dushume girende " men olemok men siziñ yanyñyzda" diyip giryadi.... belki huday shehitdir!!!!!!